Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda bikanun migrasiýa howpuna garşy göreş boýunça okuw geçirildi

15:2217.09.2022
0
40088

Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamanyň (BOMKA 10) çäklerinde serhet geçelgelerde şübheli adamlary anyklamagyň usullary boýunça tälimçileri taýýarlamak üçin okuw-maslahat geçirildi.

12 — 16-njy sentýabr aralygynda Aşgabadyň «Arçabil» myhmanhanasynda geçirilen maslahata ýurduň degişli döwlet edaralary, bu ugurdaky halkara, milli hünärmenler bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar diýlip gullugyň resmi saýtynda habar berildi.
Maslahatda bikanun migrasiýa howpyna garşy göreşmek, daşary ýurtly terrorçylary we neşe söwdasy bilen meşgullanýanlary anyklamak boýunça serhetde işleýän hünärmenleriň ukyplaryny kämilleşdirmek we bu ugurda hünärmenleri taýýarlamagyň milli kuwwatyny artdyrmak bilen bagly öňdebaryjy halkara tejribeler öwrenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň