Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-ä agza ýurtlary energetika ulgamynda yzygiderli hyzmatdaşlyga çagyrdy

20:4616.09.2022
0
20129

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG-niň Samarkant sammitinde hormatly myhman hökmünde çykyş edip, çykyşynyň barşynda bu gurama agza ýurtlary energetika ulgamynda yzygiderli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga çagyrdy.

— Türkmenistan energetika ulgamynda-da ŞHG bilen yzygiderli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga taýýardyr. ŞHG-niň döwletleriniň zerurlyklaryny üpjün etmek, geljekde daşarky bazarlara çykmak maksady bilen, energiýa serişdeleriniň iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary meýilleşdirmäge girişmegi teklip edýäris — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynda belledi.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň aýtmagyna görä, ýurtda energiýa serişdelerini ibermegiň möçberlerini ep-esli artdyrmak üçin zerur serişde kuwwatlyklary bar.

«Biz köp ýyllaryň dowamynda energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň baý tejribesini topladyk. Türkmenistan nebitgaz ulgamynda işleri alyp barmagyň umumy kabul edilen tejribesini ulanmak arkaly öz tebigy gazyny Russiýa, Hytaýa we goňşy ýurtlara iberýär. Häzirki wagtda biz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň üstünde işleýäris» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň şu we beýleki köptaraplaýyn taslamalara gatnaşmagynyň möhümdigini, munuň bu ýurduň ykdysadyýetiniň we durmuş ulgamynyň dikeldilmeginiň, ahyrky netijede, parahatçylygy, ylalaşygy gazanmagyň esasy şertleriniň biridigini aýratyn nygtady.

«Şeýle-de doganlyk owgan halkyna hemmetaraplaýyn ykdysady we ynsanperwerlik kömeginiň berilmegini ilkinji nobatdaky wezipe hasaplaýarys» diýip, türkmen Lideri çykyşynyň dowamynda belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň