Aşgabatda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy

01:3128.04.2015
0
2599

27-nji aprelde Aşgabatda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. “Aşgabat” aýdym-saz merkezide iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti döredijilik baýramçylygynyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.

Türkmenistanyň we BAE-niň Prezidentleriniň başlangyjy bilen geçirilýän bu iri möçberli medeni çäre aýdyň dostluk we döredijilik baýramçylygyna öwrüldi we özara düşünişmek, hormat goýmak we ynam ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim boldy.

BAE-niň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilen çäreler aşgabatlylary we türkmen paýtagtynyň myhmanlaryny dostlukly halkyň özboluşly sungaty, däp-dessurlary, bu ýurduň medeniýet babatynda häzirki döwürde gazananlary bilen tanyşdyrdy. Arap sazandalarynyň, folklor toparynyň çykyşlary, Arap kinofilmleriniň görkezilmegi, fotosuratlaryň we amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň sergisi, medeniýet işgärleri bilen duşuşyklar, türkmen-arap medeni gatnaşyklarynyň çäklerini has-da giňeltdi.

Bu ýerde guralan özboluşly aşpezlik sergisi hem dostluk baýramçylygyna hoşniýetli öwüşgin çaýdy – ýygnananlaryň hemmesine milli tagamlar hödür edildi.

BAE-niň Türkmenistandaky Medeniýet günleri Türkmenistanyň Döwlet horunyň hem-de bilelikdäki konserte gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Garaşsyz Türkmenistana şöhrat!, Arkadaga şöhrat!” diýen aýdym bilen tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň