Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Si Szinpini Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy

20:3416.09.2022
0
29481
Serdar Berdimuhamedow Si Szinpini Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy
Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň (HHR) Başlygy Si Szinpini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Hytaýyň döwlet Baştutany Si Szinpin bu çakylygy kabul etdi hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy özi üçin amatly islendik wagtda Hytaýa sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, iki ýurduň ýolbaşçylary 15-nji sentýabrda, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäginde duşuşypdylar. Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň döwlet Baştutanlarynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň