Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Hytaý tebigy gaz we ulag ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirer

16:3815.09.2022
0
43713

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Samarkant şäherinde geçirilýän sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen bolan ikitaraplaýyn duşuşygynda Pekin bilen Aşgabadyň Hytaýa türkmen gazyny ibermegi bilen bagly hyzmatdaşlygyň geljekde has ösdürilmelidigini aýtdy.

TASS agentliginiň bu barada taýýarlan habarynda «Hytaý we Türkmenistan iki ýurduň ösüşine hem-de galkynyşyna täze itergi bermek üçin tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň göwrümini we gerimini artdyrmalydyr» diýip, Hytaýyň Başlygynyň aýdanlaryna salgylanylýar.

Mundan başga-da, Hytaýyň Lideri öz ýurdunyň «Bir guşak ― bir ýol» atly söwda we ykdysady inisiatiwasyny we sebitde hem-de dünýäde ulag infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilen «Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasyny öňe sürmegiň we baglanyşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň