TÝL ― 2022: Didar Durdyýew bilen Begenç Akmämmedow netijeli futbolçylaryň başyny çekýär

10:0915.09.2022
0
17602

«Ahalyň» hüjümçisi Didar Durdyýew Ýokary liganyň şu möwsümindäki 10-njy pökgüsini geçirdi. Şeýlelikde, ol «Köpetdagdan» Begenç Akmämmedow bilen bilelikde, möwsümiň iň netijeli futbolçylarynyň başyny çekýär.

«Ahal» ― «Altyn asyr» duşuşygynda tapawutlanan futbolçylardan Resul Hojaýew («Ahal») möwsümdäki 4-nji pökgüsini geçirip, ilkinji 10-luga girdi. «Altyn asyrdan» Röwşen Halmämmedow bolsa Ýokary liganyň şu möwsümindäki ilkinji pökgüsini geçirdi.

Ýeri gelende aýtsak, möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sany 52-ä çykdy. Yzda galan 9 tapgyrda geçirilen 36 duşuşykda heniz öz derwezesine pökgi geçiren futbolçy ýok.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň