TÝL ― 2022: 9-njy tapgyrdan soň ýaryş tertibi barada

09:3215.09.2022
0
15779

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyrynda «Altyn asyry» 2:1 hasabynda ýeňen «Ahal» taryhyndaky ilkinji çempionlyk babatynda möhüm ädimleriň ýene birini ätdi. Ýokary liganyň şu möwsüminde bary-ýogy 2 utuk ýitiren topar bu gezekki ýeňişden soň ikinji orundaky bäsdeşi «Altyn asyr» bilen aralygy 7 utuga çykardy.

9-njy tapgyrdan soň «Ahalda» 25 utuk bar. Ikinji orundaky «Altyn asyr» 18 utuk toplap bildi. 16 utukly «Merw» üçünji orunda barýar. Dördünji orundaky «Köpetdagyň» 15, bäşinjilikdäki «Şagadamyň» 14 utugy bar. Ýaryş tertibini 7 utukly «Energetik», 6 utukly «Aşgabat» we 3 utukly «Nebitçi» jemleýär.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynyň Ýokary ligasy 17-nji sentýabrda geçiriljek 10-njy tapgyryň duşuşyklary bilen dowam eder. Şol gün «Aşgabat» «Merwi», «Energetik» «Ahaly», «Altyn asyr» «Şagadamy», «Nebitçi» bolsa «Köpetdagy» kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň