«UlagExh» kompaniýasy halkara ýük daşamalary ulgamynda hyzmatlaryny hödürleýär

09:1015.09.2022
0
14589

«UlagExh» ulag-ekspeditorçylyk kompaniýasy dürli görnüşli ýükleri saklamak, daşamak we gümrük amallaryny ýerine ýetirmek boýunça hyzmatlaryň toplumyny hödürleýän halkara ekspeditordyr.

Ýükleri daşamak işi ulagyň islendik görnüşleri – awtoulag, demir ýol, deňiz we howa ulaglary arkaly amala aşyrylýar. Kompaniýa multimodal ýük daşamalary, şeýle-de gurnama ýükleri eltip bermek we ýörite tehnikalary kärendesine tutmak boýunça meseleleri üstünlikli çözýär.

Ýükleri daşamak boýunça ýola goýlan ulgam bäsdeşlikde görnetin öňdeligi gazanmaga ýardam etmek bilen, bazardaky ýagdaýyň iň ujypsyz üýtgeşmelerine hem-de sarp edijileriň talaplaryna görä hereket etmäge mümkinçilik berýär.

«UlagExh» kompaniýasynyň hyzmatlaryndan peýdalanmak bilen, müşderiler köp sanly peýda we artymaçlyk gazanýarlar, şol sanda sargytlary tölemekde amatly nyrh syýasatynyň we kompaniýanyň geçirýän arzanladyş aksiýalarynyň döredýän ýeňilligi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň