12 – 14-nji sentýabr aralygynda Ysraýyl döwletiniň Tel-Awiw şäherinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit komitetiniň 72-nji ministrler maslahaty geçirildi. Halkara maslahatyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleri saglyk we abadançylyk üçin «Ýol kartasyny» kabul etdiler.
BSG-niň resmi internet neşirinde habar berlişi ýaly, bäş döwletiň bilelikde tassyklan bu resminamasy COVID-19 pandemiýasy, howanyň üýtgemegi we syýasy durnuksyzlyk ýaly çökgünliklere bilelikde jogap bermegi maksat edinýär.
Bellenilişi ýaly, «Ýol kartasy» Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saglyk ulgamyndaky aýratyn maksatlaryna we ileri tutulýan ugurlaryna esaslanýar, şeýle hem 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Ýewropa Maksatnamasynyň tejribesine daýanýar. Bu resminama esasynda sebitiň ýurtlarynyň saglyk ulgamlarynda bar bolan meseleler içgin öwreniler, şeýle-de ýurtlaryň saglyk we abadançylyk babatynda milli, sebitleýin hem-de halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişi has-da işjeňleşdiriler.