Sankt-Peterburg türkmenistanly talyplaryň gözi bilen

00:1927.04.2015
0
4982

15—25-nji aprel aralygynda Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň okuw işleri boýunça prorektory R. D. Annamuhammedowyň we žiwopis kafedrasynyň mugallymy A. Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky bu ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň göçme muzeý tejribeliligi geçirildi. Tejribelilik Döwlet Ermitažynda, Rus muzeýinde, Leningradyň goragy we gabawy muzeýinde, I. Ý. Repiniň “Mähriban öý” muzeý-mülkinde, Çeperçilik akademiýasynda, Petergofda bolup görmegi özünde jemledi. Tejribeliligiň esasy maksady muzeýleriň gymmatlyklary, şäheriň belli ýadygärlik toplumlary bilen tanyşmakdan ybaratdyr.

Talyplar Piskarýow gonamçylygyndaky ýüzi “Leningrad üçin söweşlerde gurban bolan türkmenistanly gahrymanlara baky şöhrat” diýen ýazgyly ýadygärlik diwaryna gül desselerini goýdular. Olary Çeperçilik akademiýasynyň rektory Semýon Ilýiç Mihaýlowskiý güler ýüz bilen garşy aldy. Ol myhmanlary muzeý gymmatlyklary, öz talyplarynyň okuw işleri bilen tanyşdyrdy. Bu ýerde okaýan talyplar bilen duşuşyk türkmen talyplary üçin aýratyn gyzykly boldy.

“Sankt-Peterburg türkmenistanly talyplaryň gözi bilen” atly sergi üçin biziň talyplarymyz Newanyň kenarynda “Mähriban öýdäki we Peterburgdaky” etýudlary döretdiler. Sankt-Peterburgdaky Türkmen medeniýeti jemgyýeti bu serginiň guralmagyna uly ýardam etdi.

Portalymyzyň okyjylary sergä hödürlenen işler bilen “fotoreportažlar” rubrikamyz arkaly tanşyp bilerler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň