Soňky habarlar

Arhiw

Daşary işler ministrliginde türkmen-ermeni syýasy geňeşmeler geçirildi

20:1913.09.2022
0
25369

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, Ermenistan Respublikasynyň wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary M.Safarýan ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy taraplaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Halkara we sebit guramalaryň, ilkinji nobatda BMG-niň çäginde hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi beýan edildi. Ermeni tarapynyň Türkmenistanyň halkara derejesinde öňe süren daşary syýasat başlangyçlarynyň yzygiderli goldawy bellenildi.

DIM-niň resmi saýtynda berlen habara görä, taraplar şu ýyl Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklara 30 ýylyň dolýandygyny bellediler we bu babatda birnäçe çäreleriň geçirilmegi teklip edildi. Şeýle hem diplomatlar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň oňyn depginini belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy bellenildi.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we dürli ugurlarda gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny mälim etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň