Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň içeri işler ministriniň geňeşçisini kabul etdi

10:2326.04.2015
0
2665

25-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli guralan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Saud Arabystany Patyşalygynyň içeri işler ministriniň geňeşçisini emir Muhammed Ben Saad Ben Halid Ben Muhammed Al Saudy kabul etdi.

Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip,  döwlet Baştutanyny şanly baýramçylyk bilen gutlady we Türkmenistan bilen ýola goýulýan dostluk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna Saud Arabystanynda aýratyn gadyr goýulýandygyny nygtady. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasy we ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler Türkmenistanyň ýokary halkara abraýa eýe bolmagyny şertlendirdi. Bu babatda alnyp barylýan işlere dünýä jemgyýetçiligi uly gyzyklanma bilen syn edýär.

Döwlet Baştutany hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Saud Arabystany bilen däp bolan netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydygyny nygtady we ikitaraplaýyn tagallalaryň netijesinde soňky ýyllarda hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşe eýe bolandygyny aýtdy. Möhüm ylalaşyklaryň gazanylmagy, dürli pudaklarda bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi işjeň hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýle hem atçylyk we atçylyk sporty ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mümkinçilikleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Türkmenistanda we Saud Arabystanynda bu ugruň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Milletiň Lideriniň yzygiderli alada etmegi netijesinde Türkmenistanda häzirki zaman atçylyk toplumlarynyň gurlandygy, gadymy milli atşynaslyk däpleriniň dikeldilmegi, dünýä ýüzünde şöhrat gazanan ahalteke bedewleriniň baş sanynyň artdyrylmagy ugrunda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň