Obamanyň enesi Mekgä zyýarat etdi

07:3226.04.2015
0
3117

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti Barak Obamanyň enesi ähli musulmanlar üçin mukaddes Mekge şäherinde boldy we Umra zyýarat etdi, şeýle hem Muhammet Pygamberiň (ýatan ýeri ýagty bolsun) durmuşyna bagyşlanan sergä baryp gördi.

90 ýaşy arka atan Sora Umar Mekgä ogly Seýit we agtygy Musa Obama bilen bardy.

“Men sergide bolup görenime örän şat, ol ylmy we taryhy resminamalaryň ulanylyp, yslamyň täze döwre görä ýaýradylmagynyň ajaýyp nusgasy bolup durýar” — diýip, Obamanyň enesi duýgularyna döz gelip bilmän, görüne ýaş aýlap aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, “gizlin musulmançylyk” baradaky şübheleli gürrüňlere garamazdan, Obama hristiançylyga uýýandygyny telim gezek aýdypdy. Prezident keniýaly kakasynyň musulmançylygy ýöredýän adam däldigini, ýöne enesiniň we Keniýada ýaşaýan garyndaşlarynyň yslamynyň ýoluny tutýandygyny tassyklapdy.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň