Arhiw

Türkmenistanda bilim hakyndaky resminamalaryň täze döwlet nusgalary tassyklanyldy

11:2025.04.2015
0
6915

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, bilim hakyndaky resminamalaryň täze döwlet nusgalaryny tassyklady. Olaryň hatarynda orta bilim hakyndaky şahadatnamanyň, başlangyç hünär bilimi hakyndaky diplomyň, orta hünär bilimi hakyndaky diplomyň, şeýle hem ýokary bilimli hünärmeniň diplomynyň nusgalary bar.

Türkmenistanda bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we ösdürilmegine, onuň halkara ölçeglerine laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarylmagyna döwletimiziň möhüm ähmiýet berýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň