Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň kubogy ― 2022: «Altyn asyr» ilkinji duşuşygynda «Nebitçini» uly hasap bilen ýeňdi

20:4209.09.2022
0
14207

«Altyn asyr» futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň çärýek finalyndaky birinji duşuşygynda «Nebitçini» ýeňdi. Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň 4:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşykda Yhlas Toýjanow iki gezek tapawutlandy (14 we 19-njy minutlarda). Beýleki pökgüleri bolsa 32-nji minutda Ahmet Ataýew bilen 33-nji minutda Begençmyrat Myradow geçirdi.

Duşuşygy iki toparyň hem 10 futbolçy bilen tamamlandygyny aýtmak gerek. 86-njy minutda myhmanlardan Serdar Annaorazow, şondan 2 minut soňra ýer eýelerinden Myrat Annaýew oýundan çykaryldy.

Jogap duşuşygy 21-nji sentýabrda Balkanabat şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň