Türkmen ilçisi Azerbaýjanyň saglygy goraýyş ministri bilen duşuşdy

14:0909.09.2022
0
14316
Türkmen ilçisi Azerbaýjanyň saglygy goraýyş ministri bilen duşuşdy
Surat: sehiyye.gov.az

Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gurbanmämet Elýasow Azerbaýjanyň saglygy goraýyş ministri Teýmur Musaýew bilen duşuşdy.

Resmi azerbaýjan internet neşirlerinde habar berlişi ýaly, duşuşygyň başynda Teýmur Musaýew iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklarynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň azerbaýjan-türkmen gatnaşyklaryny ýokary derejä çykarmakda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny nygtady. Şeýle-de milli saglygy goraýyş edaralarynyň arasynda tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

— Türkmenistan bilen saglygy goraýyş we ugurdaş pudaklarda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygymyz halkara derejesinde — Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, Türk dilli döwletleriň guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Goşulyşmazlyk Hereketiniň saglyk ministrleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýar. Mundan başga-da, häzirki wagtda Türkmenistanyň 6 raýaty Azerbaýjanyň lukmançylyk uniwersitetinde ýokary lukmançylyk bilimini alýar – diýip, ministr belledi.

Teýmur Musaýew Türkmenistanyň Azerbaýjandaky täze ilçisi Gurbanmämet Elýasowyň öz wagtynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinde işländigini göz öňünde tutup, onuň saglygy goraýyş ulgamyndaky baý tejribesiniň hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegine oňyn täsir etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmen diplomaty söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen gatnaşyklara aýratyn üns berýändigini belläp, saglygy goraýyş ulgamy boýunça iki ýurduň hünärmenleriniň dowamly hünär bilimini almak babatda, bu ugra degişli häzirki zaman usuly we ylmy-amaly maglumatlary paýlaşmakda, şeýle-de ylmy lukmançylyk pudagynda täze mümkinçilikleriň döredilendigini aýtdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň geljegi dogrusynda başga-da birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň