Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-özbek parlamentara hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylýar

11:4809.09.2022
0
10274
Türkmen-özbek parlamentara hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylýar
Surat: yuz.uz

Habar berşimiz ýaly, 8-9-njy sentýabrda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Parlamentara Bileleşigiň (IPU) agzalary bolan ýurtlaryň parlamentleriniň zenan ýolbaşçylarynyň 14-nji sammiti geçirilýär. Bu foruma Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşýar.

Türkmen wekiliýeti saparynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Oli Mejlisiniň Senatynyň başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşdy.

«Yangi Oʻzbekiston» elektron neşirinde habar berlişi ýaly, söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara gatnaşyklaryň ýurtlaryň arasynda giň gerimli we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň parlamentlerinde döredilen Parlamentara dostluk toparlarynyň işine üns berildi.

Iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, parlamentara gatnaşyklary kanuny taýdan goldamak bilen bagly meseleler boýunça hem söhbetdeşligiň dowamynda özara pikir alşyldy.

Mundan başga-da, taraplar syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda, şeýle hem gender deňligi, ylym-bilim we durmuş goraglylygy babatynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň zerurdygyny bellediler.

Düýn habar berşimiz ýaly, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen wekiliýetini kabul etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda dürli ugurlarda ýola goýlan türkmen-özbek hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklary dogrusynda maslahatlaşyldy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň