Türkmenistanly hünärmen Aziýa Kubogy — 2023-iň final tapgyryna çakylyk aldy

11:5109.09.2022
0
11845

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň eminler bölüminiň başlygy Wadim Baratow futzal boýunça Kuweýtda geçiriljek Aziýa Kubogy — 2023-iň final tapgyrynda gözegçi eminiň hem-de inspektoryň wezipesini ýerine ýetirmek boýunça çakylyk aldy.

Türkmenistanly Wadim Baratow bilen birlikde AFK-nyň gözegçi eminleri Badrul Hişman Bin Kalam (Malaýziýa), Adel Alşatti (Kuweýt) hem-de Porferio Barlas (Filippinler) yklym ýaryşynyň öňüsyrasy AFK-nyň naýbaşy eminler topary bilen 2022-nji hem-de 2023-nji ýyllar bilen bagly futzal oýnunyň düzgünleri boýunça üç günlük maslahat geçirerler. Bu barada TFF-niň resmi saýtynda habar berildi.

Ýeri gelende bellesek, Aziýa Kubogy — 2023-iň final tapgyrynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy hem çykyş eder. Ýygyndy toparymyz »B» toparçada Özbegistanyň, Bahreýniň hem-de Täjigistanyň milli ýygyndylary bilen bäsleşer.

Futzal boýunça Aziýa Kubogynyň baş baýragy ugrunda milli ýygyndylaryň 16-synyň bäsleşýändigini ýatladýarys. Kuweýtda geçiriljek yklym ýaryşy 27-nji sentýabr bilen 8-nji oktýabr aralygynda dowam eder.

Futzal boýunça Aziýa Kubogy - 2023:

«А» toparça: Kuweýt, Yrak, Taýland, Oman

«B» toparça: Özbegistan, Bahreýn, Täjigistan, Türkmenistan

«C» toparça: Eýran, Liwan, Hytaý Taýbeýi, Indoneziýa

«D» toparça: Ýaponiýa, Wýetnam, Koreýa Respublikasy, Saud Arabystany

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň