Serdar Berdimuhamedow prokurorlary wezipä belledi

22:1708.09.2022
0
23388
Serdar Berdimuhamedow prokurorlary wezipä belledi
Surat: turkmenistan.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda döwlet Baştutany prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, 2-nji derejeli ýurist Gurbangeldi Abdyllaýewiç Çopanow Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň prokurory wezipesine, 2-nji derejeli ýurist Akynyýaz Allamyradowiç Gurbanow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň prokurory wezipesine, 2-nji derejeli ýurist Daňatar Arslanowiç Abdyllaýew Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň prokurory wezipesine, 2-nji derejeli ýurist Hangeldi Baýrammädowiç Mämiýew Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň prokurory wezipesine, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Azat Ýazmämmedowiç Bekmämmedow Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň prokurory wezipesine, 2-nji derejeli ýurist Akmyrat Agalyýewiç Ataýew Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň