Aşgabatda halkara migrasiýa ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek boýunça maslahat geçirildi

16:4208.09.2022
0
8003

Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG) Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda Almata prosessiniň çäklerinde «Halkara migrasiýa strategiýalar we başlangyçlar: öňdebaryjy tejribe» atly sebitleýin maslahat geçirildi.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahata ýurduň degişli döwlet edaralary bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri we bu ugur boýunça halkara, milli hünärmenler hem gatnaşdylar. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.

Maslahatda öňdebaryjy migrasiýa strategiýalary Almata prosesiniň çäklerinde utgaşykly alyp barmagyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy we milli migrasiýa syýasaty bilen tanyşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň