Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 2 milliard dollara ýeter

13:2608.09.2022
0
6845
Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 2 milliard dollara ýeter
Surat: mift.uz

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda-senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Atdaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde iş saparynda bolýar. Saparynyň çäklerinde, türkmen wekiliýeti 7-nji sentýabrda Daşkentde Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary, maýa goýumlar we daşary söwda ministri Jamşid Hojaýew bilen duşuşdylar.

Resmi özbek internet neşirlerinde habar berlişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň iýul aýynda Özbegistana amala aşyran saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklar we olaryň ýerine ýetirilişi barada pikir alşyldy.

Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn özara söwda dolanyşygy 2021-nji ýylda 67% ýokarlanyp, 902 million dollara ýetdi. 2022-nji ýylda bu görkeziji ýene 9% ýokarlanyp, 486 million dollara barabar boldy. Şunuň bilen baglylykda, özara söwda dolanyşygynyň möçberini ýene-de artdyrmagyň möhümdigi nygtaldy. Şunda Söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça maksatnamanyň we Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetine üns çekildi.

Taraplar şeýle hem Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky 17-nji mejlisini şu ýylyň ahyryna çenli geçirmegiň mümkinçiligine garadylar.

Duşuşyk giňeldilen düzümde hem geçirildi. Onuň dowamynda degişli ministrlikleriň we serhetýka sebitleriň wekilleri çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, taraplar ýakyn geljekde özara söwdanyň mukdaryny 2 milliard dollara ýetirmek üçin zerur çäreleri görmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Iki ýurduň arasyndaky maýa goýum hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň geljegi boýunça hem pikir alşyldy. Häzirki wagtda Özbegistanda türkmen maýasynyň hasabyna 173 kärhana hereket edýär, olardan 69 sanysy bilelikdäki, 104 sanysy bolsa tutuşlygyna türkmen maýasynyň hasabyna döredilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň