«Turkmenportal» BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk baglaşdy, Hytaýyň awtoşaýlary ýüklenen otlusy Türkmenistanyň çäginden geçip gider, Aşgabatda moda hepdeligi tamamlandy

11:4008.09.2022
0
8761

1. «Turkmenportal» we BMG-niň Ösüş maksatnamasy Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda BMG-niň durnukly ösüş ulgamyndaky Maksatlarynyň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygy berkitmek üçin özara düşünişmek hakynda Ylalaşyga gol çekdiler. Taraplar milli gün tertibiniň işini ilerletmek boýunça bilelikde iş alyp bararlar.

2. 17-nji sentýabrda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde «Biz güýçli, biz deň» ady bilen Köpugurly sport festiwaly geçiriler. Festiwal Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanar. Çäre Sportuň oýun görnüşleri toplumynda sagat 15:00-dan 17:00-a çenli dowam eder.

3. Ätiýaçlyk awtomobil şaýlary ýüklenen konteýner otlusy Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Jingan menzilinden ugrady we ol Gazagystan – Türkmenistan – Eýran ugry boýunça hereket eder.

4. Aşgabatda «Aşgabat – dizaýn şäherim» taslamasynyň çäklerinde geçirilýän «Moda hepdeligi – 2022-niň» jemleýji tapgyry guraldy. Moda gözden geçirilişiniň jemleýji gününde «Mähirli Zenan» kompaniýasy öz döredijiligi bilen tanyşdyrmak hukugyna eýe boldy

5. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçysy BAE-niň «Masdar» kompaniýasynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi. Taraplar gaýtadan dikeldip bolýan energiýa çeşmeleri ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar.

6. Braziliýanyň hökümeti «Apple» kompaniýasyna «iPhone» samartfonlaryny ýanynda zarýad beriji enjamy bolmazdan satmagy gadagan etdi. Adalat ministrligi iri tehnika öndüriji kompaniýa 12,275 mln real möçberinde jerime saldy we ýanynda zarýad beriji enjamy bolmazdan ýerlenilýän «iPhone 12» hem-de beýleki enjamlary satuwdan aýyrmagy talap etdi.

7. Hytaý COVID-19-a garşy hemişelik waksinalary ingalýasiýa (bug) enjamy bilen almak usulyny goldady. 2020-nji ýylda Hytaýyň «CanSino» farmasewtika kompaniýasy koronawirusa garşy ingalýasiýa (bug) görnüşindäki waksinany taýýarlady. «Convidecia Air» derman serişdesi kliniki barlaglardan soň, HHR-niň, Meksikanyň, Pakistanyň, Malaýziýanyň we Wengriýanyň ýaşaýjylaryna waksina goýbermek üçin peýdalanyldy.

8. Ýewropada UEFA Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň 1-nji aýlawynyň ikinji gününiň duşuşyklary geçirildi. «Aýaks» öz meýdançasynda «Reýnjersden» üstün çykdy, «Napoli» «Liwerpula» ýeňmek üçin hiç hili mümkinçilik bermedi, «Atletiko Madridiň» hüjümçisi Grizmann goşulan 11-nji minutda «Portuwyň» derwezesine ýeňiş goluny geçirdi, Serdar Azmunyň çykmagy «Baýeri» «Brýuggeden» ýeňilmekden halas edip bilmedi, Lewandowskiniň het-trigi «Barselona» «Wiktoriýany» ýeňlişe sezewar etmäge ýardam berdi, «Bawariýa» Milanda ýeňillik bilen «Interiň» hötdesinden geldi, «Sporting» Ýewropa ligasynyň häzirki çempionyndan üstün çykdy, «Tottenhem» uly aratapawut bilen «Marseli» ýeňmegi başardy

9. Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy 10-18-nji sentýabrda Ammanda geçiriljek Aziýanyň Kubogy – 2023 (U-20) çempionatynyň saýlama bäsleşigine gatnaşmak üçin ugrady. Saýlama bäsleşiginde Türkmenistan Iordaniýanyň, Taýwanyň, siriýanyň we Demirgazyk Marian adalarynyň ýygyndylary bilen bir toparda çykyş eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň