Aşgabat şäher häkimligi awtoulaglaryň tekerlerini satyn almak üçin hyzmatdaş gözleýär

11:3508.09.2022
0
15152

Aşgabat şäher häkimligi garamagyndaky edara-kärhanalaryň awtoulaglaryna we tehnikalaryna zerur bolan tekerleri satyn almak üçin üpjün edijileri saýlap-seçip almak boýunça bäsleşigiň möhletini uzaltdy.

Bu barada degişli bildiriş türkmen metbugatynda çap edildi.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýüztutmalary şu ýylyň 12-nji sentýabryna çenli kabul edilýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary Aşgabat şäher häkimliginden alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 12 92-56-24.

Salgy: Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 17-nji jaýy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň