Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryny gutlady

05:4008.09.2022
0
6058

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Täze Zelandiýanyň General-gubernatory hanym Sindi Kiro we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Täze Zelandiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukukly hem-de özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny, Türkmenistanyň özara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, General-gubernator hanym Sindi Kiro berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Täze Zelandiýanyň halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň