Aşgabatda nobatdaky türkmen-italýan işewürler maslahaty geçirildi

09:3924.04.2015
0
3080

23-nji aprelde paýtagtyň “Mizan” täjirçilik merkezinde nobatdaky türkmen-italýan işewürler maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan duşuşyga gatnaşmak üçin Italiýa Respublikasynyň oba hojalyk ministri jenap Maurisio Martiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi.

Wekiliýetiň düzüminde Daşary söwda boýunça italýan agentliginiň (IСE), “Federunaсoma” oba hojalyk tehnikasyny öndürýän italýan federasiýasynyň, “Assofoodteс” assosiasiýasynyň, “Сonfagriсoltura”, “Agriсonsulting”, “Legaсoop Agroalimentare”, “INALСO”, “Masсhio Gaspardo S.p.A”, “Teсniсo AIA” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bar. Duşuşyga gatnaşyjylaryň hatarynda nebitgaz ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň netijeli tejribesini toplan “ENI” kompaniýasynyň wekilleri hem bar.

Türkmen tarapyndan işewürler maslahatyna pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary we hünärmenleri, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Milli önümleriniň haryt dolanyşygyny öwreniş institutynyň wekilleri gatnaşdylar.

Italiýa Respublikasynyň oba hojalyk ministri Maurisio Martiniň belleýşi ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan, şeýle hem Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky işjeň ösýän gatnaşyklary nazara almak bilen, möhüm ähmiýete eýe bolan şu duşuşyk däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny anyklaşdyrmaga mümkinçilik berer. Bähbitleriň deňagramlylygyny, serişdeler we maýa goýum mümkinçiliklerini nazara almak bilen agrar ulgamy, oba hojalyk önümlerini we ýokary hilli azyk önümlerini öndürmek söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin geljegi uly ugurlaryň biri bolup durýar.

Duşuşyga gatnaşyjylara görkezilen wideofilmde Italiýanyň işewürler toparynyň wekillerine Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler, iri möçberli milli maksatnamalar hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynda gazanýan üstünlikleri barada giňişleýin düşünje almaga mümkinçilik berdi.

Italýan wekiliýetiniň agzalary milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň häzirki depginleri we aýry-aýry pudaklaryň ösüşiniň görkezijileri,  önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmagyň meýilnamalary bilen tanşyp, esasy ugurlarda, şol sanda galla, gök we miwe önümlerini, maldarçylyk önümlerini öndürmek we ýerlemek ulgamynda  bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga meýillidiklerini ýene-de bir gezek tassykladylar.

Öz nobatynda, türkmen tarapynyň wekilleri ýurdumyza öňdebaryjy tehnologiýalaryň we nou-haularyň çekilmegine, Italiýada öndürilen, dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap tehnikalaryň we enjamlaryň getirilmegine daşary söwda dolanyşygynyň artdyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

Forumyň çäklerinde  italiýaly myhmanlaryň Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň