Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň täze saýlanan Premýer-ministrini gutlady

21:2906.09.2022
0
12950

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň täze saýlanan Premýer-ministri hanym Liz Trassa gutlag hatyny iberdi. Türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda hanym Liz Trassy Premýer-ministr wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

«Türkmenistan bilen Birleşen Patyşalygyň arasynda ýola goýlan özara düşünişmek, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklarymyzyň bilelikdäki tagallalarymyz arkaly halklarymyzyň röwşen geljeginiň hatyrasyna mundan beýläk hem yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirýärin» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda belleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Liz Trassa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň gülläp ösmegine gönükdirilen başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny arzuw etdi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň