Türkmen figuralaýyn typyjylary Moskwada «Tansyň çeper özboluşlylygy» ugrunda Kuboga mynasyp boldular

07:0623.04.2015
0
4278

Moskwada buzuň üstünde tans etmek boýunça halkara festiwalynda «Maral» türkmen toparynyň figuralaýyn typyjylary «Tansyň çeper özboluşlylygy» ugrunda Kuboga mynasyp boldular.

“Lužniki” sport toplumyna dünýäniň binäçe ýurdundan 40 töweregi tans toparlaryny ýygnan bu ýaryşlar 29-njy gezek geçirilip, oňa türkmenistanlylar üçünji gezek gatnaşdylar. Biziň figuralaýyn typyjylarymyz öňki bäsleşikleriň hersinde ýörite baýraklary eýeläpdiler.

Ine, indi bolsa ady rowaýata öwrülen meşhur rus türgeni, birnäçe gezek olimpiýa çempiony bolan Irina Rodninanyň tas otuz ýyl mundan ozal esaslandyran Moskwa ýaryşlarynda türkmen figuralaýyn typmak mekdebi ýene bir baýraga mynasyp boldy.

Şeýle-de, şu aýyň başynda “Gunça” tans toparynyň ýaş figuralaýyn typyjylarynyň Minskiniň (Belarus Respublikasy) açyk Kubogynda tapawutlanandyklaryny hem bellemek gerek. Olar şonda 2 altyn, 1 kümüş we 1 bürünç medala mynasyp bolupdylar.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň