«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen käbir üýtgetmeler we goşmaçalar barada gysgaça syn

11:3205.09.2022
0
33534

1-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi. Iri çärä tutuş ýurdumyz boýunça 400-den gowrak wekil gatnaşdy. Forumda ýaşlar syýasatyna degişli toplumlaýyn meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gurulraýyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýazmuhammet Öwezberdiýewi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesinden boşatmak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu wezipä Ýazpolat Keriýew saýlanyldy.

Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze neşirine gol çekdi we Ýaşlar guramasynyň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi.

Aşakda Kanunyň rejelenen görnüşindäki kabir üýtgetmeleri we goşmaçalary size ýetirýäris:

1. Ýaşlaryň ýaşy 35-e çenli uzaldyldy. Ozal bu topara 14-den 30 ýaşa çenli raýatlar degişli edilýärdi.

2. Işgärleriniň azyndan 75 göterimini ýaş raýatlar düzýän hususy kärhanalar Türkmenistanda ýaşlar kärhanalary diýlip ykrar ediler.

3. Ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işleri kämilleşdiriler. Sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmäge, watansöýüjiligi, beýleki milletlere hormaty, jogapkärçilikliligi, zähmete söýgini terbiýelemäge aýratyn üns berler.

4. Umumybilim edaralaryny tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary hünär we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmagy üçin, bir gezek mümkinçilik döretmek şerti bilen, harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşüriler.

5. Hünär bilimi edaralaryna tölegli esasda okuwa kabul edilen hem-de okuwda, döwlet we halkara bäsleşiklerinde we jemgyýetçilik işlerinde ýokary netijeleri görkezen ýaşlara okuwyny tölegsiz esasda dowam etmek mümkinçiligi dörediler.

6. Türkmenistanda döwlet derejesinde ekologik taslamalary durmuşa geçirmäge, taryhy ýadygärlikleriň durkuny täzelemäge we içerki syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge ýaşlaryň gatnaşmaklary goldanylar.

7. Bilim edarasyny tamamlap, ýaňy işe kabul edilen türkmenistanly ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny zähmet döwrüniň birinji ýylynda bellenilen kadasyndan 50 göterim, ikinji we üçünji ýylynda 25 göterim peseldiler.

8. Türkmenistanly alym ýaşlara innowasiýa, oýlap tapyş işini amala aşyrmak üçin döwlet tarapyndan maddy we maliýe taýdan kömek berler.

9. Türkmenistanda telekeçi ýaşlary goldamak üçin ýörite maýa goýum gaznalary dörediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň