Soňky habarlar

Arhiw

Sakarçägeli mümkinçiligi çäkli raýatlara ýaşaýyş jaýy sowgat berildi

22:2203.09.2022
0
8175

Şenbe güni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparynyň çäklerinde welaýatyň Sakarçäge etrabynyň merkezinde mümkinçiligi çäkli adamlar üçin gurlan 4 gatly, 48 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada TDH habar berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýynda döredilen şertler bilen tanyşlygyň barşynda täze jaýa göçüp gelmek bagty miýesser eden etrabyň Çaşgyn geňeşliginiň ýaşaýjysy Ýazgeldi Çaryýewiň öýüne baryp gördi. Öý eýeleriniň durmuş şertleri, hal-ýagdaýlary bilen içgin gyzyklandy. Öýüň otaglarynda, şol sanda aşhanasynda mümkinçiligi çäkli adamlara niýetlenip döredilen oňaýly şertler bilen tanyşdy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde öý eýesine haýyr-sahawat gaznasyndan täze arabany, şeýle hem onuň maşgala agzalaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan toý sowgatlaryny gowşurdy. Öz nobatynda, öý eýeleri hem, özlerine bildirilen uly hormat üçin hoşallygyň nyşany hökmünde, Halk Maslahatynyň Başlygyna toý düwünçegini gowşurdylar. Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öý eýeleriniň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň