“Ahal” çempionyň yzyndan kowýar, “Şagadam” bolsa öňdebaryja deňleşmek mümkinçiligini elden giderýär

00:5123.04.2015
0
3168

Aşgabatdaky we Türkmenbaşy etrabyndaky duşuşyklar bilen Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň ýokary ligasynda 8-nji tapgyr tamamlandy.

Paýtagtda “Ahal” we “Aşgabat” duşuşdy. Bu oýundan öň toparlar hersi 10 utuk bilen 5-nji we 6-njy orunlarda ýerleşýärdiler.

Birinji ýarymda hiç bir topara hasaby açmak başartmady. Arakesmeden soň, ýagny 47-nji minutda “Ahala” ýeňiş getiren pökgini Altymyrat Annadurdyýew geçirdi. Bu netijeli hüjümçiniň alty oýundaky 7-nji pökgüsidir.

Bu duşuşykdan soň, “Ahal” 13 utuk toplady we öňde barýan “Altyn asyryň” yzyndan kowmagyny dowam etdirýär.

Şu tapgyrda “Şagadam” öňdebaryjynyň yzyndan ýetip biljekdi. Ýöne topar “Balkan” bilen 2:2 oýnap, bu mümkinçiligi elden giderdi. “Balkanyň” oýunçysy Myrat Ýagşyýew bu oýunda özüniň çempionatdaky 9-njy pökgüsini geçirdi hem-de netijeli hüjümçileriň sanawynda öňde barýar.

Türkmenistanyň çempionatynyň ilkinji aýlawyny jemlejek 9-njy tapgyryň çäklerinde 24-nji aprelde HTTU — “Hazyna” we “Energetik” — “Altyn asyr” duşuşar.

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

«Ahal» – «Aşgabat» – 1:0 (0:0)

22-nji aprel. Aşgabat. «Aşgabat» stadiony. 300 tomaşaçy.

Pökgüleri geçiren: Altymyrat Annadurdyýew 47.

Duýduryş alanlar: Zafar Babajanow 29, Begli Meredow 90+3 – Ruslan Gurbanow 75.

Emin: Çarymyrat Gurbanow.

Gözegçi emin: Hudaýnazar Rejepow.

 

«Şagadam» – «Balkan» – 2:2 (1:2)

22-nji aprel. Türkmenbaşy etraby. «Sport desgasy». 500 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Hemra Amanmämmedow 40 (11 metrlik urgudan), Döwlet baýramow 73 – Nurtagan Mämmedalyýew 3, Myrat Ýagşyýew 30.

Duýduryş alanlar: Batyr Atamamedow 15, Aşyrgeldi Ylýasow 80 (ikisi hem – «Balkan»).

Emin: Ruslan Ereşow.

Gözegçi emin: Eldar Ramazanow.

8-nji tapgyrdan soň toparlaryň ýerleşiş tertibi

Iň köp pökgi geçirneler:

Myrat Ýagşyýew ("Balkan") – 9 pökgi (1 – 11 metrlik urgudan).

Didar Durdyýew ("Hazyna") – 8 (1).

Altymyrat Annadurdyýew ("Ahal") – 7.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň