Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynda saparda boldy

21:4803.09.2022
0
20208

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy bilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynda saparda boldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň çagalar hassahanasynda bejergi alýan çagalar bilen duşuşyp, olaryň saglyk ýagdaýlary bilen gyzyklandy. Şeýle-de Sakarçäge etrabynyň çäginde mümkinçiligi çäkli raýatlar üçin täze gurlan ýaşaýyş jaýynyň açylyşyna gatnaşdy hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna baryp, talyplar we professor-mugallymlar bilen duşuşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň