Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat şäher häkimliginde boljak kabul edişlikler barada maglumat berildi

17:5503.09.2022
0
31824

Raýatlaryň ýüztutmalaryny düýpli öwrenmek maksady bilen, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäher häkimliginiň, hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we beýleki degişli bölümleriň wekillerinden döredilen raýatlaryň ýüz tutmalary boýunça Aşgabat şäher we etrap toparlary raýatlaryň ýüztutmalaryna seretmek üçin kabul edişlikleri geçirerler.

Bu barada Aşgabat şäher häkimliginiň resmi web-saýty habar berdi.

Kabul edişlikler sentýabr aýynyň şu günlerinde alnyp barlar:

Aşgabat şäher häkimligi: 3-nji, 10-njy sentýabr, 24-nji sentýabr, sagat 10-dan 12-ä çenli;

Berkararlyk etrap häkimligi: 3-nji, 10-njy, 17-nji, 24-nji sentýabr, sagat 10-dan 12-ä çenli;

Köpetdag etrap häkimligi: 3-nji, 10-njy, 17-nji, 24-nji sentýabr, sagat 10-dan 12-ä çenli;

Bagtyýarlyk etrap häkimligi: 3-nji, 10-njy, 17-nji, 24-nji sentýabr, sagat 10-dan 12-ä çenli;

Büzmeýin etrap häkimligi: 3-nji, 10-njy, 17-nji, 24-nji sentýabr, sagat 10-dan 12-ä çenli.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň