Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda seýsmologiýa ylmy boýunça bäşýyllyk Döwlet maksatnamasy düzülýär

17:0703.09.2022
0
35472

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Hökümetiň düýn geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna «Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmegiň 2022 — 2026-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» taslamasy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň häzirki zaman seýsmotektoniki ýagdaýynyň ösýän şertlerinde mümkin bolan ýertitreme zolaklaryny öwrenmek boýunça işleri güýçlendirmek, ýer gabygynyň seýsmiki, geodinamiki, elektromagnit, gidrodinamiki we geohimiki ölçeglerine gözegçilik etmek hem-de baha bermek boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Ylymlar akademiýasy tarapyndan «Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmegiň 2022 — 2026-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Bu maksatnama ýurdumyzda seýsmiki howpa we seýsmiki töwekgelçilige baha bermek boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde ylmyň ornuny ýokarlandyrmaga, düýpli we amaly seýsmiki ylmy barlaglary alyp barmaga, seýsmiki howply zolaklary ýüze çykarmak maksady bilen, maglumatlary toplamaga gönükdirilendir. Bularyň ählisi ilatyň goraglylygyny üpjün etmek ugrunda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge, ýaşlary ylmy-tehnologik işlere giňden çekmäge, ylmy gözlegleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna «Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmegiň 2022 — 2026-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, sebitimiziň seýsmologik ýagdaýyny nazara almak bilen, bu möhüm ugurda ylmy gözlegleri seljermegiň we işjeňleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow göz öňünde tutulan çäreleriň mümkin bolan töwekgelçiliklerini öwrenmäge hem-de giň ekologik we tehnogen heläkçilikleriň öňüni almaga ýardam etjekdigini belläp, bu maksatnamanyň düzgünlerini has kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk görkezmeler berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň