Soňky habarlar

Arhiw

«Galam» kanselýariýa dükanlarynyň zynjyry iOS üçin mobil goşundysyny işe girizdi

11:3203.09.2022
0
22465
«Galam» kanselýariýa dükanlarynyň zynjyry iOS üçin mobil goşundysyny işe girizdi

iOS operasion ulgamda işleýän enjamlaryň ulanyjylary üçin Aşgabadyň «Galam» kanselýariýa harytlarynyň dükanlar zynjyrynyň mobil goşundysy elýeterli boldy, onuň üsti bilen okuw we ofis üçin ähli zerur zatlary tapyp bolýar.

Indi zerur bolan kanselýariýa harytlaryny «iPhone» we «iPad» arkaly saýlamak hem-de sargyt etmek has ýeňilleşdi. Mobil goşundynyň baş sahypasynda täze harytlar bilen tanşyp, haýsy görnüşlerde arzanladyşlaryň dowam edýändigini barlamak mümkindir.

Mobil goşundyda harytlary ady boýunça ýa-da ştrih-kody esasynda gözlemek mümkindir, bu bolsa göwnüňize ýaran sarp ediş serişdelerini – ýokary hilli kagyzlary, ruçkalary, flomasterleri, printer üçin boýaglary we beýlekileri gaýtadan satyn almak zerurlygy ýüze çykanda örän peýdalydyr.

«Galam» mobil goşundysynda ofis we mekdep harytlary bilen birlikde, daşary ýurtly neşirýatlaryň we ýazyjylaryň kitaplary, hojalyk harytlary, sowgatlyklar, kompýuter tehnikasy üçin goşmaça enjamlar we beýleki peýdaly önümler hem hödürlenýär.

Mobil goşundy boýunça edilen sargytlaryň tölegini çapar tarapyndan haryt getirilenden soňra bank kartlary arkaly hem, nagt görnüşde hem geçirmek mümkindir. Ulanyjylara Android ulgamynda işleýän enjamlar üçin niýetlenen «Galam» mobil goşundysy we galam.tm saýty elýeterlidir.

«Galam» dükanlar zynjyry «Berkarar» SDAM-de (ýerzemin gaty, dükan А-19, tel. (+993 12) 46 81 56, (+993 12) 46-96-02) we «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezinde (Lomaý söwda bazary) ýerleşýär, 1-nji gat, dükan А-107, tel. (+993 12) 42 29 29.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň