Alymlar gark bolan «Titanigiň» 8K ölçegdäki wideosyny görkezdiler

15:3702.09.2022
0
18369

Ylmy-barlagçylar gark bolan «Titanik» gämisiniň galyndylaryny örän ýokary çözgütde surata düşürdiler, wideony «OceanGate Expeditions» kompaniýasy özüniň YouTube ýaýlymynda ýaýratdy diýip, «MIR24» ýazýar.

Alymlar topary sekiz günlük saparyň dowamynda suwasty enjamlaryň, ýokary çözgütdäki kameralaryňdyr 3D-sonaryň kömegi bilen gark bolan gäminiň häzirki ýagdaýyny surata aldylar. Onda gäminiň burny, çep labyry, äpet labyr zynjyry jikme-jik surata alyndy.

«Biz täze maglumatlary ele saldyk, mysal üçin, häzire çenli Noah Hingley & Sons Ltd. labyr öndürijiniň adyny bilmeýärdik, indi ol çep labyryň ýüzünde aýdyň görünýär. Men gämini onlarça ýyl bäri öwrenip gelýärin, emma öň şeýle jikme-jik şekillere duşanym ýadyma düşenok» diýip, «OceanGate Expeditions» kompaniýasynyň gämi boýunça hünärmeni Rori Golden gürrüň berýär.

Barlaglaryň döwründe gäminiň galan bölekleriniň hem poslama, deňiz suwunyň duzlulygy, bakteriýalardyr çuň suwasty jandarlar arkaly basym ýok boljakdygy anyklandy. Mysal üçin, eýýäm «Titanigiň» öň bogaldagy we ýeňse palubasy ýumrulypdyr. Alymlar tizara gäminiň burnunyň döwüljekdigini aýdýarlar.

«Titanik» gämisi 1912-nji ýylyň 14-nji aprelinden 15-ine geçilýän gije Atlantik ummanynyň demirgazyk böleginde aýsberg bilen çaknyşyp gark boldy, hadysa netijesinde 1500 ýolagçy pida boldy. Gäminiň galyndylary 1985-nji ýylda ele salyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň