Arhiw

Enjamlaryň ekranynyň gök yşygy garramagy çaltlandyrýar

12:2902.09.2022
0
19954
Enjamlaryň ekranynyň gök yşygy garramagy çaltlandyrýar
Surat: lifehacker.ru

Oregon ştatynyň uniwersitetiniň alymlary ýörite geçirilen barlaglaryň netijesinde gajetleriň ekranynyň gök yşygynyň öýjükleriň himiki düzümini üýtgedýändigini anykladylar. Ylmy-barlagyň netijeleri «EurekAlert» neşirinde çap edildi diýip, «Mail.ru» ýazýar.

Alymlar synagda «Drosophila melanogaster» siňeklerini ulandylar. Olary iki hepdeläp gök yşygyň astynda sakladylar, soňra olaryň we garaňky ýerde saklanan siňekleriň ýagdaýyny barladylar.

Alymlar gök yşygyň astynda saklanan siňeklerde käbir madda alyş-çalşygynyň üýtgändigini anykladylar, ýagny öýjükleriň ösüşidir hereket etmegi üçin zerur bolan suksinatyň derejesiniň ýokarlanandygy, neýronlaryň aragatnaşygy üçin jogap berýän glutamatyň derejesiniň peselendigi belli boldy. Bu maddalaryň üýtgemegi öýjükleriň wagtyndan öň garramagyna we ölümine getirip biler.

Siňekleriň duýduryş ulgamynyň himiki maddalary adamlaryňky bilen meňzeşdir, alnan netijeler adam bedeninde bolup geçjek ýagdaýlary şöhlelendirip biler. Alymlar şonuň üçin ekranyň öňünde geçirilýän wagty azaltmagy maslahat berýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň