Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Saýlaw işiniň hukuk esaslary boýunça maslahat öz işine başlady

07:2422.04.2015
0
2695

21-nji aprelde Aşgabatda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň we ÝHHG-niň demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça býurosynyň guramagynda saýlaw işiniň hukuk esaslaryna bagyşlanan maslahat öz işine başlady.

Duşuşygy guraýjylar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň giň demokratik özgertmeler ýolunda durmuşa geçirýän çärelerine ýokary baha berip, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň saýlaw ulgamynyň hem-de milli kanunçylygyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine gönükdirilen hukuk özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde türkmen tarapyna hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny bellediler.

Maslahata gatnaşyjylar türkmen döwletiniň hukuk ulgamynda ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlygyna açykdygyny belläp, saýlaw işiniň ähli tapgyrlaryna gözegçilik etmek üçin köpsanly daşary ýurtlardan, iri halkara guramalaryndan garaşsyz synçylary çagyrýan Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryna eýerýändigini we adamlaryň hukugynyň, azatlygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly möhüm resminamalaryň düzgünnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi üçin zerur tagallalary edýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, özara tejribe alşylmagy hem-de hereket edýän halkara kadalarynyň we daşary ýurtlarda saýlawlaryň guralmagynyň iş tejribeleriniň öwrenilmegi, yzygiderli esasda bilelikdäki mejlisleriň, geňeşmeleriň, okuw maslahatlarynyň we bu ulgamda ýöriteleşdirilen halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyklaryň geçirilmegi milli saýlaw ulgamynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmakda netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin has-da ähmiýetlidir.

Şu gezekki iki günlük maslahatyň çäklerinde düzüminde Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri bolan maslahata gatnaşyjylar hereket edýän halkara ölçegleri, saýlaw guramalarynyň işi, saýlawçylary we dalaşgärleri hasaba almagyň kadasy, saýlaw möwsüminiň öňüsyrasyndaky esasy tapgyrlary we saýlawlary geçirmegiň düzgünleri, şeýle hem bu babatda giň jemgyýetçiligiň habardar edilmegi bilen baglanyşykly işler bilen tanyşdyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň