Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Ahal» birinji aýlawy birinji orunda tamamlady

10:4301.09.2022
0
13227

«Ahal» ýedi duşuşykda toplan 19 utugy bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň birinji aýlawyny birinji orunda tamamlady. Şeýlelikde, Mergen Orazowyň şägirtleri aýlawda bary-ýogy 2 utuk ýitirdiler.

Häzirki çempion «Altyn asyr», häzirlikçe, 15 utuk bilen ikinji orunda barýar. Bu netijede toparyň duşuşyklarynyň üçüsiniň deňlikde tamamlanmagynyň uly paýy bar.

Aýlawda üçünji orun ugrundaky göreş, esasan, «Merw» bilen «Şagadamyň» arasynda gitdi. Ahyry birinji aýlawy «Merw» 13 utuk bilen üçünjilikde tamamlady. Dördünji orundaky «Şagadam» ondan 2 utuk yzda.

Bäşinji orundaky «Köpetdagyň» 9, altynjylykdaky «Energetigiň» 7 utugy bar. Ýaryş tertibini hersi 3 utuk gazanan «Aşgabat» bilen «Nebitçi» jemleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň