Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda täze okuw ýyly başlandy

09:0901.09.2022
0
19569

Şu gün Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Şu mynasybetli ýurduň ähli künjeginde baýramçylyk çäreleri geçirilýär.

Ir säher bilen Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak dabaralary geçirildi. Baýramçylyk mynasybetli Aşgabatda we welaýatlarda täze okuw-terbiýeçilik edaralary açylyp ulanylmaga berildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, 1-nji synpa okuwa barýan 159 müň 772 okuwça Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan kompýuterler sowgat berilýär. Ähli bilim edaralarynyň ilkinji okuw sapaklary bolsa «Halkyň Arkadagly zamanasy» ady bilen geçirilýär.

2022-2023-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň çäginde orta mekdepleriň 7-si, çagalar baglarynyň 5-si ulanmaga berildi. Täze okuw ýylynda Türkmenistan boýunça 1882 sany orta mekdepde 1 million 574 müň 737 okuwçynyň, raýat ugurly 20 sany ýokary okuw mekdebinde 65 müň 242, orta hünär okuw mekdepleriniň 42-sinde 26 müň 479 talybyň okamagyna garaşylýar. Mugallymçylyk ugurly orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde okuwlaryny tamamlan ýaşlaryň 3165-si Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň bilim edaralaryna işe ýollanyldy. Şeýle-de diplomlary ykrar edilen pedagogik bilimli raýatlaryň 411-si bilim edaralaryna işe kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň