Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Slowakiýanyň Prezidentini gutlady

08:3201.09.2022
0
11831

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Zuzana Çaputowa ýurduň milli baýramy — Slowakiýa Respublikasynyň Konstitusiýa gününiň şanly 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada şu günki «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Zuzana Çaputowa tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Slowakiýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň