TÝL ― 2022: «Köpetdag» «Energetigi» ýeňip, bäşinji orna göterildi

23:5330.08.2022
0
12441

Aşgabadyň «Köpetdag» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň 7-nji tapgyrynda «Energetigi» 3:1 hasabynda ýeňdi.

Duşuşykda «Köpetdagyň» gollaryny 4-nji minutda Ýakup Maksadow, 23-nji minutda Begenç Akmämmedow, 37-nji minutda Döwletmyrat Seýitmuhammedow dagylar geçirdi. «Energetikde» bolsa 45-nji minutda Süleýman Mirzoýew tapawutlandy.

Bu ýeňişden soň utugyny 9-a çykaran «Köpetdag» ýaryş tertibinde bäşinji orna göterildi. 7 utukly «Energetik» bolsa altynjy orna düşdi.

8-nji tapgyrda «Kööpetdag» «Merw» bilen «Energetik» bolsa «Altyn asyr» bilen güýç synanyşar. Duşuşyklar, degişlilikde, 2-nji we 3-nji sentýabr günlerinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň