Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady

08:3331.08.2022
0
12768

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Ismail Sabri Ýakoba, Malaýziýanyň XVI Ýokary Baştutany Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibni Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billa we ýurduň ähli halkyna Malaýziýanyň Milli gününiň şanly 65 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

«Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça ýola goýlan gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýaryn» diýip, Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda belleýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Malaýziýanyň Premýer-ministri Ismail Sabri Ýakoba we Malaýziýanyň XVI Ýokary Baştutany Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibni Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Malaýziýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň