Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebi dalaşgärleri tölegli okuwlara kabul edýär

20:1229.08.2022
0
36589

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebi 1 ýyl 6 aý (18 aý) möhleti bilen isleg bildirýän dalaşgärleri tölegli okuwa kabul edýändigini mälim edýär.

Bu okuwlaryň esasynda teleradioýaýlymlaryň işiniň dürli ugurlarynda zähmet çekmäge mümkinçilik berýän 13 hünär boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Hünär-tehniki okuw mekdebinde teleradio režissýorlyk işi, teleradiogepleşikleri guramak we taýýarlamak, ses režissýoryň kömekçisi, montažyň – režissýory, telekinooperatorçylyk işi, sport synçysy, kompýuter montažçy, guramaçy režissýoryň kömekçisi, maglumatlar ulgamyny dolandyrmak, buhgalterçilik işi, teleradio kommunikasiýalar işi, kompýuter oýunlary 3D ölçeginde modelirleme we animasiýa, şeýle hem arhiwi işi ýaly hünärler boýunça okuwlar geçirilýär.

Teleradioýaýlymlaryň hünär hem-de tehniki okuwlarynda okamaga isleg bildirýän dalaşgärlerden şu resminamalar talap edilýär:

1. Attestat (diplom) özi, nusgasy.

2. Pasport ýa-da pasport nusgasy.

3. Saglyk kepilnamasy; rentgen döş kapasasy. COVID-19 barada kepilnama.

4. Soňky okuw ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

5. 3x4 ölçegli 10 sany fotosurat.

6. Zähmet depderçesinden göçürme (iş tejribesi bolanlar üçin).

7. Harby bölümde hasapda durýanlygy barada resminama (oglanlar üçin).

8. Ýaşaýan ýerinden güwänama (Forma – 3).

9. Ataň, eneň, babaň, mamaň, ejeň, kakaň, doganlaryň, jigileriň barada maglumat (öýlenen, durmuşa çykan bolsaň ýoldaşyň atasy, enesi, babasy, mamasy, ejesi, kakasy, doganlary, jigileri, çagalary barada maglumat) ýagny üç arka maglumat. Goşmaça elektron görnüşinde.

10. Ejesiniň ýa-da kakasynyň (durmuşa çykan, öýlenen bolsa ýakyn hossarlaryndan) tölegini wagtynda tölejekdi barada kepilnama.

Hünär-tehniki okuw mekdebiniň ýerleşýän salgysy: Aşgabat şäheriniň Mäti Kösäýew köçesiniň 68-nji jaýy;

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 36-10-09, 36-38-64.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň