Türkmenistanda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy ― ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk geçiriler. Bu biraýlyk 1 ― 30-njy sentýabr aralygynda meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer M.Mämmedowa Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berdi diýip, TDH ýazýar.
Türkmenistanda bu däp ýurduň Prezidentiniň başlangyjy bilen 2013-nji ýyldan bäri dowam etdirilip gelýär.
Biraýlygyň çäginde bilim ojaklarynda we çagalar edaralarynda polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň we lukmanlaryň gatnaşmagynda köp sanly çäreler geçirilýär.