Tebigatdaky dynç alyşdan soň zibilleri ýygnamak näderejede möhüm?

15:1528.08.2022
0
13517

Türkmen tebigaty ýylyň ähli paslynda özboluşlylygy, täsinligi bilen tapawutlanýar. Aýratyn-da, tebigat ýaz-tomus möwsüminde, adamlaryň oturlyşyklara, dynç alyşlara gidýän mahaly has ajaýyp. Bu maksatlar üçin adamlar dynç almaga örän jaýdar, gözel tebigatly, çeşme-çaýlydyr şarlawukly ýerleri saýlaýarlar. Bu ýerleriň Gün şöhlesinden goraýan saýaly baglary bar. Şonuň bilen-de, tebigat hemişe ynsan bilen bol eçilýän baýlyklaryny paýlaşýar.

Muňa garamazdan, bu täsinligi gorap saklamagyň möhümdigine hemme adamlar düşünmeýär. Tebigatyň owadan gözelliginiň we tämiz howasynyň jogaby hökmünde käbir adamlar daş-töwerekde zibillerini, zyňyndy hapa zatlaryny taşlap gaýdýarlar. Olaryň bolsa esasy bölegi aýna bölekleridir plastik önümlerden ybarat.

Bu babatda her bir ynsanyň tebigatda dynç almakda ilkinji bilmeli, has takygy akyl ýetirmeli zady oturlyşygyň ýa-da dynç alşyň ýerlerine hapalary taşlamazlyk, dynç alyşdan soň, ýerleri arassalamakdyr.

Tebigaty arassa we tämiz saklamakda ekologiýa abadançylygyny giňden goldaýan «Ussat kömekçi» kärhanasy ene topragyň tämizligini gorap saklamagyň zerurdygy baradaky ýörelgäni öňe sürýär.

Arassaçylyk dogrusynda kärhananyň hünärmenleri şunuň ýaly käbir zerur maslahatlary berýärler:

  • Tebigata çykanyňyzda ýanyňyz bilen hapa gap-gaçlary goýup boljak uly sowadyjy torba alyň. Öýe geleniňizden soň bolsa ony tiz arassalamak bolýar. Şunuň bilen birlikde dynç alyşda bir gezeklik gap-gaçlary hem almak bolar, emma häzirki wagtda Ýer ýüzi bu gaplaryň hapaçylygy döredýändigi üçin olardan el çekmäge meýillidir;
  • Oturlyşykdan soň hapalary tiz toplamak üçin zibil pakedini alyň. Oňa dürli hili hapalary dessine ýerleşdirmek bolýar. Bu paketleri öýe gelenimizden soň, zibil gutularynyň ýanynda goýmak ýeterlikdir.
  • Dynç alyşdan soň artan hapalary toplamaga çagalary çekmäge, munuň üçin ony oýun görnüşde guramaga çalşyň. Olaryň arasynda kim birinji pakedi zibilden doldurmaşak diýen ýaly ýaryşy guraň.

Häzirki wagtda «Ussat kömekçi» kärhanasynyň Aşgabat şäheriniň çäginde öý-hojalyk zibillerini alyp gidýän hyzmatlary ýerine ýetirýän ilkinji kärhanadygyny bellemek gerek.

Kärhananyň zibilleri alyp gitmek hyzmatyndan peýdalanmak üçin şu telefon belgileri bilen habarlaşyp ýüz tutup bilersiňiz: (+993 62) 14 70 12, (+993 61) 28 47 66, (+993 65) 41 53 89.

Hyzmatlar üçin kärhananyň sosial media hasabynda arzalary goýup bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň