Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Şagadam» Galkiniň goşa goly bilen «Köpetdagy» ýeňdi

21:0427.08.2022
0
24314

«Şagadamdan» Roman Galkiniň, «Köpetdagdan» bolsa Ýazgylyç Gurbanowyň iki gezekden tapawutlanan duşuşygynda «kenarlylar» myhmanlaryny 5:2 hasabynda ýeňdiler.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň çägindäki bu duşuşyk Türkmenbaşy şäherinde geçirildi.

Ýer eýeleriniň iki pökgüsini Roman Galkin geçirdi. Beýleki gollar bolsa Hydyr Ýakubow, Mekan Aşyrow we Kerim Hojaberdiýewden geldi. Myhmanlaryň iki pökgüsini hem Ýazgylyç Gurbanow öz adyna ýazdyrdy.

Utugyny 11-e çykaran «Şagadam» bu ýeňişden soň ýaryş tertibiniň üçünji basgançagyna gaýdyp geldi. 6 utukly «Köpetdag» bolsa altynjy orunda.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň