Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Döwlet nyrh düzgün-nyzamynyň bozulmagy üçin maliýe çäresini ulanmak baradaky Düzgünnama kämilleşdirildi

16:5327.08.2022
0
25971

Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe-hojalyk işine gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 26-njy awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Döwlet nyrh düzgün-nyzamynyň bozulmagy üçin maliýe çäresini ulanmak baradaky Düzgünnamanyň täze rejelenen görnüşini makullady.

«Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilişine görä, degişli resminamanyň taslamasynda esasy düzgünleriň birnäçesi kämilleşdirildi hem-de çäreleriň görnüşleri anyklaşdyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda ýokary netijeleri gazanmakda maliýe ulgamynyň ösüşiniň, döwletiň nyrh syýasatyny kadalaşdyrýan kanunçylyk-hukuk binýadynyň hem möhüm ähmiýete eýedigini, munuň döwrüň talaplaryna we umumy ykrar edilen halkara ülňülere laýyk gelýändigini, bu işde maliýe gatnaşyklary babatda degişli hukuk kadalaryny ulanmaga aýratyn üns berilýändigini belledi. Munuň özi maliýe serişdelerini netijeli dolandyrmaga, ykdysady bähbitleri goramaga mümkinçilik berýär we berk maliýe düzgün-tertibini üpjün edýär.

Şeýle-de, okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň