Soňky habarlar

Arhiw

Ermenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hat ýollady

23:2726.08.2022
0
34468
Ermenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hat ýollady
Surat: wikipedia

Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hat ýollady. Hatda Ýerewan şäherindäki «Surmalu» söwda merkezinde bolup geçen partlamanyň netijesinde emele gelen pajygaly ýagdaý zerarly iberen gynanç haty üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirilýär. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

«Gurban bolanlaryň, şeýle hem ýaralananlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna bildiren ýürekden gynanjyňyz we medet beriji sözleriňiz üçin Sizden örän hoşaldyryn. Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!» diýip, dostlukly ýurduň Prezidenti türkmen döwletiniň Baştutanyna iberen hatynda belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň