Bilim işgärleriniň maslahaty: çözgütler we täzelikler

16:2626.08.2022
0
21647

Düýn Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 2021-2022-nji okuw ýylyny jemlemek hem-de täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen şygar astynda Türkmenistanyň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň bilim işgärleri, terbiýeçilerdir mugallymlar gatnaşdylar.

«Türkmenistan» gazeti maslahatda seredilen meseleler barada şeýle maglumat berýär:

― Bilim işgärleriniň maslahatynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bilim ulgamyny ösdürmek babatda kesgitlenen wezipeler, daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek ugrunda gazanylan netijeler we öňde durýan wezipeler, ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ýeten sepgitleri we täze gözýetimleri, bilimiň sanly gurşawyny emele getirmek we innowasion bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak ugrunda ýerine ýetirilmeli işler hakynda çykyşlar diňlendi.

― Şeýle-de «Ýokary we orta hünär bilimi edaralaryny akkreditirlemegiň milli ulgamyny döretmegiň esasy ugurlary», «Öňdebaryjy halkara tejribeler we milli ýörelgelerimize laýyklykda, pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny kämilleşdirmegiň wajyp meseleleri», «Okuw kitaplaryny we gollanmalaryny taýýarlamakda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler», «Pedagogik tejribäniň bilim ulgamyny kämilleşdirmekdäki orny», «Arassaçylyk we sagdyn durmuş ýörelgeleri saglygyň baş girewidir» temalary boýunça çykyşlar diňlendi.

― Maslahatda Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda okatmagyň usullary hakynda gürrüň edildi.

― Täze okuw ýylynda okuwlar adaty tertipde alnyp barlar, şeýle hem bilim edaralarynda agyz-burun örtükleriniň ulanylyşy gözegçilikde saklanar. Bilim edaralarynda sanitariýa, arassaçylyk-gigiýena we öňüni alyş zyýansyzlandyryş işleri has-da güýçlendiriler.

― Täze — 2022-2023-nji okuw ýylynyň öň ýanynda hem okuw maksatnamalary, okuw kitaplary we okuw gollanmalary kämilleşdirildi, olaryň mazmunyna zerur goşmaçalar girizildi. Täze okuw kitaplary neşir edildi. Täze işlenip düzülen okuw maksatnamalaryň bilim edaralaryna üstünlikli ornaşdyrylmagy we netijeli özleşdirilmegi döwrebap pedagogik çemeleşmeleri peýdalanýan, degişli maglumat hem-de kommunikasiýa tehnologiýalaryna daýanýan ýokary hünärli, taýýarlykly, kärine höwesli pedagogik işgärleriň okatmagyna bagly bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň