«LC Waikiki» brendiniň dükany «2 haryt alana + 1 sowgat» aksiýasyny yglan etdi

16:1726.08.2022
0
28375

Uly ýaşlylar we çagalar üçin iň döwrebap biçüwlerdäki ajaýyp egin-eşikleri hödürleýän «LC Waikiki» brendiniň dükany Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny 5-nji sentýabra çenli dowam edýän «2 haryt alana + 1 sowgat» aksiýasyndan peýdalanmaga çagyrýar.

Dükandan islendik görnüşli 2 sany egin-eşik satyn alan müşderä üçünji haryt mugt berilýär. Has takygy, müşderi bu ýerde saýlap alan üç sany egin-eşiginiň ýa-da islendik harydynyň içinden arzan bahalysyny tölegsiz alyp biler.

«LC Waikiki» dükanynda çagalar we ýetginjekler, şeýle-de uly ýaşlylar — erkekler we zenanlar üçin niýetlenen geýimleriň köpdürli görnüşleri bar. Haryt görnüşlerindäki köýnekçeler, jinsler, lybaslar, bluzlar we beýleki önümler tebigy pagtadan hem-de ýokary hilli sintetikden tikilýär.

Dükanyň harytlary barada has giňişleýin maglumat almak üçin şu telefon belgisi arkaly habarlaşyp bolýar: (+993 61) 17 65 33. Dükanyň sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Dükanyň salgysy: Aşgabat ş., «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezi, 3-nji gat.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň